ABŞ-nyň harbylary Russiýanyň “kölege flotuna” degişli ýene bir tankeri saklady
9-njy fewralda ABŞ-nyň harbylary Russiýanyň “kölege flotuna” degişlidigi diýilýän ýene bir gämini saklady. Bu barada Pentagonyň metbugat gullugy habar berdi.
Beýanatda amerikan harbylarynyň Hindi ummanynda Aquila II gämisini saklandygy aýdylýar. Gämi Karib deňzinden tä Hindi ummanyna çenli takmynan üç hepdä golaý yzarlandy.
Beýanatda gäminiň “prezident Tramp tarapyndan sanksiýa düşen gämiler üçin Karib deňzinde girizilen karantin düzgünlerini bozup hereket edendigi” aýdylýar. Gämi Wenesuelanyň nebitini...