Gyrgyzystanyň prezidenti Kamçybek Taşýiewi GKNB-niň başlygy we wise-premýer wezipesinden boşatdy
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Kamçybek Taşiýewi Milli howpsuzlyk boýunça dowlet komitetiniň (GKNB) başlygy we hökümet başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Žaparowyň administrasiýasynyň habar bermegine görä, degişli permana 10-njy fewralda gol çekildi.
Işden boşadylmagyň sebäpleri görkezilmeýär. Şeýle-de bolsa, resminamada Konstitusiýanyň degişli normasyna salgylanylýar, oňa görä prezident ministrler kabinetiniň agzalaryny we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki edaralarynyň ýolbaşçylaryny...