Polisiýanyň işjeňligi saklanýar, paýtagtlylar bilen bir hatarda, welaýatly arassaçylyk işgärleri nyşana alynýar
Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň işjeňligi dowam edip, olaryň ilata, dürli bahanalara salgylanyp, jerime ýazmagy we olardan para almagy bilen bagly wakalar köpelmese azalmaýar diýip, paýtagtly ýaşaýjylar aýdýar.
Olar şu günler diňe paýtagtlylaryň däl, eýsem welaýatlardan Aşgabada gelip, abadanlaşdyrmak işlerinde işleýän ýurt raýatlarynyň hem polisiýa tarapyndan nyşana alynýandygyny belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň iki habarçysy 9-njy fewralda paýtagtdan maglumat berdi.