Sungat işgärlerinden we bloggerlerden daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistlerine garşy maglumat paýlaşmak talap edilýär
Aşgabatda sungat işgärleriniň we sosial ulgamlarda köp sanly followeri, ýagny yzarlaýjysy bolan bloggerleriň köpüsinden daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň çykyşlaryna garşy maglumatlary paýlaşmak talap edilýär.
Paýtagtyň güýç gulluklary bu maglumatlary paýlaşmakdan ýüz öwren raýatlary aktiwistleriň pikirlerini, maglumatlaryny goldamakda aýyplaýarlar. Bu ýagdaýlar barada bloggerleriň we kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerimiziň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdi.