Türkmen resmileri Nipah wirusy bilen bagly çäreleri maslahat edýärler
Türkmenistanyň saglyk resmileri Aziýa ýurtlarynda dörän we birnäçe adamyň ölümine sebäp bolan täze wirusynyň ýaýramagyna alada bildirýärler we onuň öňüni almak boýunça çärelere seredýärler. Hindistanda ýanwar aýynda dörän we iki adamyň ölümine getiren Nipah wirusy sebäpli günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynyň birnäçesi barlag çärelerini girizdiler.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde işleýän bir birinden garaşsyz üç çeşmäniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýörite ýygnaklar...