Gyrgyzystanda parlament agzasynyň maşgala zorlugy derňelýär
Özüni Žogorku Keneşiň deputaty Eldar Sulaýmanowyň öňki aýaly diýip tanadan Asel Azamatowa atly “Threads” ulanyjysy, nikaly ýaşaşan wagtlarynda adamsy tarapyndan zorluga sezewar edilendigini ýazdy.
Ol 2016-njy ýylda Sülaýmanow bilen durmuş gurandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, ilki olaryň arasynda ownuk dawalar bolupdyr, ýöne iki ýyldan soň ol ýanýoldaşynyň özüni urup başlandygyny aýtdy.
Şeýle-de, Azamatowa 2022-nji ýylda, dört aýlyk göwreli wagty, Sülaýmanowyň özüni rehimsizlik bilen ýenjendigini...