Türkmen wizasyny almakdaky kynçylyklar özbek telekçileri üçin päsgelçilik döredýär
Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew 17-nji ýanwarda türkmen wizasyny almakdaky kynçylyklaryň ýurduň işewür jemgyýetiniň Türkmenistan bilen aradaky iş gatnaşyklaryna päsgelçilik döredýändigini aýtdy. Özbek telekeçileriň ilçiler we hökümet resmileri bilen duşuşygynda gozgalan wiza meselesi diňe goňşy ýurduň telekeçileri üçin däl, Türkmenistanyň öz ilaty üçin agyr mesele bolmagynda galýar diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Gazeta.Uz neşiriniň habaryna görä, Täjigistan bilen...