Gazagystan 30 ýyldan soň wise-prezident wezipesini dikelder
Gazagystanda 30 ýyl mundan ozal ýatyrylan wise-prezident wezipesi dikeldiler. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu sözleri Milli gurultaýda, täze parlament özgertmeleriniň kabul edilendigini yglan edende aýtdy.
"Men Gazagystan Respublikasynyň wise-prezidenti wezipesiniň döredilmegini we onuň Konstitusiýada degişli derejede berkidilmegini göz öňünde tutýaryn" diýip, Tokaýew aýtdy.
Onuň ygtyýarlyklarynyň çäklerini prezidentiň özi kesgitleýär.
Wise-prezidentiň, prezidentiň görkezmesi boýunça...