Türkmen ýolbaşçylarynyň suratlary, gaznasy üçin ilatdan pul ýygnamak 'möwsümi' başlandy
Türkmenistanyň döwlet edaralarynda we kärhanalarynda prezidentiň hem-de onuň kakasy Halk Maslahatynyň başlygynyň täze portretleri, döwlet şygarlary şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat fondy üçin ilatdan pul toplamak boýunça iş alnyp barylýar. Her ýyl bolşy ýaly şu gezek hem býujet işgärlerine pul tabşyrmagyň hökmanydygy duýduryldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu kampaniýanyň şu günler Balkan welaýatyndaky geçişi barada habar berdiler.
"Balkanyň býujetçileri üçin täze...