Arassaçylyk işgärleri iş wagtyndan daşary işledilýändiklerini, goşmaça hak tölenmeýändigini aýdýar
Mary welaýatynda geçen hepdäniň ahyrynda birnäçe günläp ýagan ýagşyň we garyň yz ýany, köçelerde giň gerimli arassaçylyk işleri geçirildi. Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň ençemesi özleriniň dynç günlerinde hem işlemäge mejbur edilýändigini, emma munuň üçin goşmaça hak tölenmeýändigini aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.
“Geçen hepdäniň ahyrynda birnäçe günläp ýagan ýagyş we gar köçelerde batgaly suwlaryň üýşmegine getirip, olar jaýlaryň bosagasyna çenli ýetdi.