Türkiýe türkmen gazynyň importyny dikeltmegi meýilleşdirýär
Türkiýe 2026-njy ýylda türkmen tebigy gazynyň importyny dikeltmegi we onuň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär diýip, “Biznes Türkmenistan” Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň “TRT Haber” teleýaýlymyna beren intrewýusyna salgylanyp habar berýär.
Ministriň tassyklamagyna görä, 2026-njy ýyl türkmen tebigy gazynyň iberilip başlanmagy we onuň möçberleriniň artdyrylmagy nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe bolar.
2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkiýäniň döwlet nebit-gaz...