Arzan eti 'gögerdip satmak' usuly emeli bolçulygy uzak saklaýar - Çeşmeler
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işgärleri ilata subsidirlenen mal we guş etiniň goşa dyrnak içindäki bolçulygyny döretdiler diýip, Azatlygyň Ahaldaky habarçysy türkmen reallyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen azyk meseleleriniň saklanyp galýandygyny habar berýär.
Çeşmeler adamlaryň oturan-turan ýerlerinde gytçylykdan, azyklaryň hilinden, nyrhlardan we saglyk ýagdaýlaryndan söz açýandygyny, emma bu ýagdaýlar barada bileleşip, talap bilen çykmaga çekinýändiklerini aýdýarlar.