“Arkadag” - “Al-Nassr” oýnuna bilet satylyp başlandy
Türkmen metbugaty Aşgabat şäher häkimliginiň AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşygynyň — türkmen futbol topary “Arkadag” bilen Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” toparynyň arasyndaky oýnuň petekleriniň onlaýn arkaly satylyp başlanandygyny habar berýär.
Petekleri şäher häkimliginiň resmi internet sahypasyndan, şeýle-de “Sanly şäher” mobil goşundysy arkaly satyn almak mümkin. Petekleriň bahasy oýun meýdançasyndaky orunlaryň ýerleşişine we sektorlaryna görä kesgitlenýär.
Her bir petek aýratyn QR-kod bilen üpjün edilip...