Gyrgyz DIM-i Orsýetden 35 müňe golaý raýatyň deportasiýa edilmek ähtimallygyny duýdurdy
Orsýetiň migrasiýa gözegçiligi sanawynda Gyrgyzystanyň 34 müň 786 raýaty bar diýip, daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew habar berdi.
Onuň sözlerine görä, geçen noýabr aýynda bu sanawda takmynan 128 müň gyrgyz raýaty bardy. Şondan bäri olaryň köpüsi sanawdaky atlaryny barlap, durumlaryny kanunylaşdyrmagy başardy. Ýöne, hökümet we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan görlen çärelere garamazdan, käbir raýatlaryň atlary bu sanawda saklanyp galýar we deportasiýa edilmäge degişli diýip, Kulubaýew aýtdy.