Çagalary ellerinden alynjak gelinler dymmaly ýa-da aýrylyşmaly bolýarlar
Azatlygyň çeşmeleri türkmen maşgalalaryndaky ‘çydamsyz’ ýagdaýlaryň, hususan-da gelinleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň diňe ýurtdaky ykdysady meseleler, işsizlik, aýlyklaryň az bolmagy, soňky otuz ýylda jenaýata baş goşup, türme basylýan, bergi-borja batyp, günä geçişe düşýän adamlaryň köpelmegi, zähmet migrasiýasynyň esasy çykalgalaryň birine öwrülmegi bilen bagly däldigini, eýsem, jübütleriň birindäki önelgesizlik bilen hem baglydygyny habar berýärler.
Türkmen metbugatynda, şol sanda jemgyýetçilikde bu mesele açyk maslahatlaşylmaýar...