ABŞ raýatlary Eýrandan Ermenistan, Türkiýe ýa-da Türkmenistan arkaly çykmaga çagyryldy
ABŞ-nyň Döwlet departamenti öz raýatlaryny Eýrandan çykmaga çagyrdy.
ABŞ-nyň Tährandaky wirtual ilçihanasynyň web sahypasynda çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, amerikalylara alternatiw aragatnaşyk usullaryny meýilleşdirmek we, mümkin bolsa, ýurdy Ermenistan, Türkiýe ýa-da Türkmenistan bilen aradaky gury ýer serhetleri arkaly terk etmek maslahat berilýär.
"Eger çykyp bilmeseňiz, öýüňizde ýa-da başga bir howpsuz binada ýer tapyň. Azyk, suw, derman we beýleki zerur zatlaryň ätiýaçlygyny ediniň" diýip...