Türkmenistan ýurduň Eýran bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlygy güýçlendirýär
Türkmen häkimiýetleri ýurduň Eýran bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär. Sebitde Internet üpjünçiligi hem ýiti çäklendirilýär. Bu çäreler, goňşy Eýrandaky köpçülikleýin protestleriň üçünji hepdesine giren mahalyna gabat geldi.
Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine ýakyn ygtybarly çeşmeleri ýurt häkimiýetleriniň goňşy döwletdäki protestlerden uly howsala düşýändigini, munuň bilen bagly ýörite meýilnama taýýarlanandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň...