Eýranda internet baglandy, protestçileriň sany köpelýär
Eýranda hökümete garşy bildirilýän köpçülikleýin protest çykyşlary dowam edýär. Günbatar we arap metbugatynyň şaýatlara salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, 8-nji ýanwarda protestçileriň sany ýene-de köpeldi. Şol sanda, Tährandaky protestçileriň hem sanynyň artandygy habar berilýär.
Howpsuzlyk güýçleri bilen bolýan çaknyşyklar ýene-de gaýtalandy. Hökümet binalarynyň otlanýandygy habar berilýär.
Protestler 2025-nji ýylyň aýagynda, ýurtda dörän ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy netijesinde başlandy.