Türkmen DIM-niň başlygy ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Daşary işler ministri Raşid Meredow 7-nji ýanwarda ABŞ-nyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy diýip, türkmen DIM-I habar berdi.
Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Resmi habarda aýdylmagyna görä, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, ýyllyk syýasy geňeşmeleriň we “Türkmenistan-ABŞ” Işewürler...