Balkanyň häkimiýetleri ilat bilen ýygnaklary geçirip, arz-şikaýatlary bes etmegi talap edýär
Balkanyň häkimiýetleri şu günler ilat bilen wagyz-nesihat ýygnaklaryny geçirmek işlerini batlandyrdylar. Bu waka, ilat arasynda ýurtda zähmet we pensiýa haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň 10% köpeldilmezligine garşy nägilelikleriň artýan mahalyna gabat geldi. Ýygnaklarda raýatlardan arz-şikaýatlary bes etmek hem talap edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.
“Hepdäniň başyndan bäri welaýat, etrap we oba derejelerinde ýerli häkimlik, kazyýet...