Koronawirusyň bolandygyny boýun almadyk Türkmenistan ýurda barýanlardan COVID-19 barlagyny talap etmegi dowam etdirýär
COVID-19 bilen kesellänleriň öz giňişliginde düýpden bolmandygyny öňe süren tas ýeke-täk ýurt hasaplanýan Türkmenistan global pandemiýanyň ýatyrylanyna 2,5 ýyldan gowrak wagt geçen hem bolsa, daşary ýurtlardan gelenlerden koronawirus barlagyndan geçmegi talap etmegini dowam etdirýär. Emma Aşgabadyň halkara aeroportunda birnäçe ýyl bäri saklanýan bu barlag üçin alynýan töleg ýokarlanypdyr.
Ýurduň daşyndan gelenlerde koronawirusy anyklamak boýunça aeroportda geçirilýän barlaglaryň bahasy häzir 100 manat boldy, mundan öň 62 manatdy.