Maduro we onuň aýaly Nýu-Ýorkdaky federal kazynyň ilkinji soraglaryna jogap berdi
Wenesuelanyň wezipesinden gyrakladylan lideri Nikolas Maduro we onuň aýaly Siliýa Flores, 3-nji ýanwarda geçirilen ABŞ operasiýasynda tussag edileninden soň, 5-nji ýanwarda Nýu-Ýorkdaky federal kazynyň soraglaryna ilkinji gezek jogap berdi.
Federal kazy Madurony, onuň aýalyny we başga-da dört adamy biraz öň "narkoterrorizm" we kokain import etmek üçin dil düwüşmek ýaly, jenaýat kodeksiniň dört maddasynda aýyplapdy.
Aýyplamanyň üçünji we dördünji maddalar ýarag ulanmak we saklamak bilen baglanyşykly.