Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 11 aýda $9 milliarddan geçdi
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 9 milliard 164 million 931 müň ABŞ dollaryndan geçdi diýip, “Biznes Türkmenistan” Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
2025-nji ýylyň noýabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 821 million 203 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan Hytaýa jemi 7 milliard 720 million 177 müň dollarlyk önüm eksport etdi. Bu döwürde Hytaýdan import edilen harytlaryň möçberi...