Türkmenistanda aýlyklar, pensiýalar şu ýyl ýokarlandyrylmady, ilatyň aladasy artýar
Täze ýylyň başynda pensiýalaryna, maýyplyk we çaga üçin döwlet töleglerine garaşan türkmenistanlylar onuň mukdarynyň üýtgemändigini bilip galdylar. Ençeme ýyl bäri aýlyklar, pensiýalar we beýleki sosial goldaw tölegleri her ýylyň başynda 1-nji ýanwarda 10% ýokarlandyrylýardy. Bu düzgüniň ýatyrylmagy barada resmi habar berilmeýärkä, ilat arasynda aladalanma güýçlenýär.
2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň başyndan Türkmenistanyň pensionerlerine we kiçi çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan berilýän pul bank kartlaryna geçirildi...