Tramp Putiniň rezidensiýasyna hüjüm edilendigi baradaky habara ynanmaýandygyny aýtdy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “Air Force One” uçarynda Wladimir Putiniň “Waldaý” (Dolgie Borody) rezidensiýasyna hüjüm edilendigi baradaky habarlara ynanmaýandygyny aýtdy.
“Men şol hüjümiň bolandygyna ynanmaýaryn” diýip, ol žurnalist sorag berip, onuň şol habarlar sebäpli “gaty gaharly bolandygyny” ýatladanda aýtdy.
Şonda Putine näme üçin ynanandygy we näme sebäpden şeýle äheňde gürländigi barada soralanda, "Sebäbi şol wagt hiç kim bilmeýärdi. Men ilkinji gezek eşidemde, bu şeýle diýip eşitdim.