Tramp eýranly protestçileri goldaýandygyny aýtdy, ölenleriň we tussag edilenleriň sany artýar
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranda howpsuzlyk güýçleriniň görkezýän rehimsiz basyşlaryna tap getirip, ýurduň ykdysady kynçylyklary sebäpli tapgyr bäş gün bäri protest bildirýän eýranlylary goldaýandygyny aýtdy.
Halk protestleri wagtynda birnäçe adamyň ölendigi, onlarça adamyň tussag edilendigi habar berilýär.
Tährandaky protestler 28-nji dekabrda, eýranyň walýutasynyň ABŞ dollaryna bolan gatnaşygynyň pese gaçmagy we inflýasiýa derejesiniň 52 prosente çenli ýokarlanmagy bilen başlandy. Soňra bu protestler beýleki sebitlere hem ýaýrady.