Ýylyň jemleri: Türkmenistanly migrantlar üçin ABŞ-da 'aladalaryň dörän' we Türkiýede 'özgerişlikleriň bolan' ýyly
Taryhda galýan 2025-nji ýylda türkmenistanlylaryň, mundan ozalky ýyllarda hem bolşy ýaly, gazanç gözleginde, okamak, ýaşamak ýa-da has gowy durmuş arzuwynda daşary ýurtlara köpçülikleýin gitmegi dowam etdi.
Geçip barýan köne ýylda türkmen jemgyýetinde köpleriň ünsüni çeken wakalaryň biri Birleşen Ştatlaryň Türkmenistany hem öz içine alýan ýedi ýurduň raýatlaryna ABŞ-a hemişelik, turist ýa-da student wizasy bilen gelmegine bölekleýin gadaganlyk girizmegi boldy.
Şol bir wagtyň özünde, ýylyň ahyrynda...