Türkmenistanda dollaryň 'gara bazar' nyrhy birden peseldi
Türkmenistanda milli puluň daşary ýurt walýutalary babatyndaky resmi nyrhy 10 ýyl bäri üýtgedilmän galýan hem bolsa, onuň gara bazardaky nyrhy üýtgäp durýar. Soňky günlerde amerikan dollarynyň resmi kursdan bäş esseden ýokary bolan gara bazardaky nyrhy uzak wagtdan soň birden peselipdir.
Bir ýyla golaý wagtlap 20 manat derejesinde bahalanan amerikan dollarynyň nyrhy 26-njy dekabrda irden 19,2 manat, agşamyna 18 manat we şenbe güni 17,6 manada barabar boldy. Ýekşenbe güni dollaryň nyrhy ýene-de 19 manada bardy.