Ankaranyň Administratiw sudy Alişer Sahatowdan 'G-82' çäklendiriji kodunyň aýrylandygyny tassyklady
Adam hukuklaryny goraýjy "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) Türkiýede bäş aý mundan öň ýitirim edilen türkmen aktiwisti Alişer Sahatowyň ykbalyna degişli täze maglumat çap etdi. Guramanyň habar bermegine görä, Ankaranyň 26-njy administratiw sudunyň kararynda Sahatowdan çäklendiriji G-82 kodunyň aýrylandygy tassyklanypdyr.
"Suduň 2025-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul eden kararynda şeýle diýilýär: '... Berlen resminamalardan mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň Milli aňtaw gullugynyň (MIT) 2025-nji ýylyň 22-nji...