Halkyň Sesi: 2025-nji ýyl türkmen halkynyň raýat işjeňligi ýoluna düşendigini görkezdi
2025-nji ýyl, bir ýaşaýjynyň sözleri bilen aýtsak, öňki ýyllardaky ýaly, türkmenistanlylar üçin agyr we kyn ýyllaryň biri boldy, emma şol bir wagtda, beýleki bir pikire görä, taryha gidýän ýyl türkmen halkynyň raýat jemgyýetine, raýat işjeňligine tarap uzap gidýän uzyn ýoluna düşendigini, "şaýlanandygyny" yşarat eden ýyl boldy.
Azatlygyň ýerli habarçylary dekabr aýynyň başynda anonimlik şertinde pikirini aýtmaga razy bolan ýaşaýjylara birnäçe sorag berdiler.
Azatlyk Radiosy: 2025-de, siziňçe, türkmenistanlylar üçin iň pozitiw/oňyn...