S7 awiakompaniýasy Nowosibirsk–Aşgabat ugry boýunça täze howa gatnawyny açar
S7 awiakompaniýasy Nowosibirsk–Aşgabat ugry boýunça täze göni howa gatnawyny açar diýip, “Biznes Türkmenistan” awiakompaniýanyň resmi web sahypasyna salgylanyp habar berýär.
Uçar gatnawlary 2026-njy ýylyň mart aýyndan başlanyp, her hepdäniň sişenbe gününde amala aşyrylar.
Nowosibirsk şäherindäki Tolmaçýowo howa menzilinden sagat 00:55-de uçan uçar Aşgabada ýerli wagt bilen sagat 03:00-da gonar. Bu ugur boýunça uçuşyň dowamlylygy 4 sagat 5 minut bolar. Uçuşlar “Airbus A320” kysymly howa gämileri arkaly ýerine ýetiriler.