Täjik-owgan serhedinde bolan çaknyşykda birnäçe adam öldürildi
Owganystan bilen aradaky serhetde ýaragly adamlar bilen bolan çaknyşykda iki täjik serhetçisi öldürildi diýip, Ozodi radiosy, Azatlyk radiosynyň täjik gullugy habar berdi.
Ozodiniň maglumatyna görä, bu waka 24-nji dekabrda, Şamsiddin Şohin etrabynda bolupdyr.
Radionyň çeşmeleri Owganystandan bolan gaçakçy, kontrabanda toparynyň serhedi bozandygyny, atyşyk wagtynda Serhet gullugynyň işgärleriniň birnäçesiniň wepat bolandygyny, birnäçe adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.
Duşenbe serhetde bolan waka...