Bazarlardaky emeli arzançylyk zaýaçylyga, telekeçileriň batmagyna getirýär
Türkmen hökümeti ýeňil we arzan abraý gazanmak üçin, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu Täze ýyly hem hiç bir ykdysady hasapsyz, bazarlara hususy telekeçiler tarapyndan getirilýän önümleri zor bilen, emeli ýagdaýda arzan satdyrmak ‘syýasaty’ bilen garşy aljaga meňzeýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Türkmen paýtagtyndaky bazarlaryň ýolbaşçylaryna häzir daşary ýurtlardan getirilýän miweleriň bahalarynyň ‘arzan’ bolmagyna berk gözegçilik etmek tabşyrylypdyr diýip, habarçy öz çeşmelerine salgylanyp aýtdy.