Owganystandaky ýer titreme Türkmenistanyň käbir sebitlerinde hem ýiti duýuldy, köp ýaşaýjy gijäni köçede geçirdi
Owganystanyň demirgazygynda 2-nji noýabrdan 3-nji noýabra geçilen gije bolan we onlarça adamyň heläk bolmagyna getiren ýer titreme Türkmenistanyň gündogar, günorta we demirgazyk sebitlerinde hem ýiti duýuldy, ýöne adam pidalary bolmady.
Türkmen häkimiýetleri bu tebigy hadysa barada häzirlikçe dymýan mahaly, ýerli häkimiýetler raýatlara bu barada gürrüň etmezligi berk tabşyrýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 3-nji noýabrda Daşoguzdan, Lebapdan we Marydan maglumat berdiler....