'Umra zyýaratyny' hödürleýän bildirişlerden aldanýan köpelýär
Türkmenistanlylara Saud Arabystanyna umra zyýaratyna sapar etmäge mümkinçilik hödürleýän bildirişler soňky aýlarda hasam köpeldi. Bu aralykda şeýle tekliplerden peýdalanjak bolup, aldawa düşen adam hem az däl.
Sosial torlarda we habarlaşyk platformalarynda peýda bolan täze görnüşli tekliplerde adamlara gaty arzan bahadan, ýagny 1250 dollardan ähli hyzmatlary öz içine alýan saparlar wada berilýär.
"Emma soň belli bolşy ýaly, bu mahabatlaryň arasynda aldawa salýan toparlaryň barlygy anyklandy” diýip...