Býujetçileriň çäre mejburlygy batlanýar, ýurt Hasyl we Bitaraplyk günlerine taýýarlanýar
Türkmenistanda birnäçe dabara, şol sanda Hasyl baýramyna taýýarlyk görülýär. Häkimiýetler her ýyl noýabryň ikinji ýekşenbesinde bellenýän bu baýramçylygy şu gezek hem dürli toý-tomaşalar bilen geçirmegi planlaşdyrýarlar. Munuň üçin döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri köpçülikleýin çärelere çekilýär.
Günbatar welaýatyň medeniýet işgärleriniň tas ählisi şu günler baýramçylyk taýýarlyklaryna gatnaşmaga borçly edildi. Maşklar Balkanabatdaky "Ak öý" binasynda we welaýat kitaphanasynyň öňünde her gün...