Tramp we Si Szinpin Günorta Koreýada duşuşdy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp dördünji gün irden Günorta Koreýanyň Pusan şäherinde Hytaýyň başlygy Si Szinpin duşuşdy. 90 minuda çeken duşuşykdan soň gepleşikler esasynda gazanylan netijeler barada bada-bat hiç bir zat aýdylmady.
Iki lideriň alty ýyldan soň geçiren ilkinji gepleşikleriniň çäginde, Hytaýyň seýrek ýerasty metallarynyň eksport çäklendirmelerini bir ýyl yza süýşürmegiň, Amerikanyň oba hojalyk önümlerini satyn almagyny dikeltmegiň, Tramp administrasiýasynyň Hytaý importyna girizen 100%...