ABŞ 'Green Card' bijesini duruzan wagty Türkmenistanda 'araçylaryň' aldawyna düşýän köpeldi
Türkmenistanda ABŞ-nyň "Green Card" bijesine gatnaşmak isleýän raýatlar, hasaba alyş möwsümi resmi taýdan açylmadyk hem bolsa, araçylara ýüz tutýarlar. Adatça oktýabryň başynda açylýan bu mümkinçilik şu ýyl yza çekildi, muňa garamazdan özlerini araçy diýip tanadýan şahslar hasaba durmakda ýardam teklip edýärler. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary maglumat berýär.
"Bu ýyl "Green Card" bijesine ýüz tutmak üçin websaýtyň 5-nji oktýabrda açylmagyna garaşyldy, emma henize çenli saýt ýapyklygyna galýar" diýip...