Türkmenistanda aýallaryň sürüjilik şahadatnama almagy kynlaşdy
Türkmenistanly zenanlaryň awtoulag sürmek üçin resminama edinmek mümkinçiligi ýene-de çäklendirildi. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy ýerli awtoulag sürüjileri taýýarlaýan mekdeplerdäki ýagdaýlar we zenanlaryň duçar bolýan kynçylyklary barada habar berýärler.
Balkanabat şäherinde awtoulag sürüjilerini taýýarlaýan mekdepler sürüjilik şahadatnamasyny bermekde zenan raýatlary kösemegini dowam edýärler diýip, ýerli çeşmeler her 1-nji we 5-nji günleri hereket synaglaryndan aýal-gyzlaryň...