Ýitirim edilen aktiwistler Sahatowyň we Orusowyň işi boýunça sud diňlenişigi geçirildi
Ankarada türkmen aktiwistleri Alişer Sahatowyň we Abdylla Orusowyň Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň müdirligine garşy işi boýunça 26-njy Administratiw sudunyň diňlenişigi geçirildi. Türkiýäniň deportasiýa merkezinde saklanan bu iki türkmen raýaty 24-nji iýuldan soň dereksiz ýitdi we şondan bäri olaryň ykbaly nämälim galýar.
23-nji oktýabrda sud diňlenişiginde Sahatowyň we Orusowyň aklawçysy Kader Sewimli ýagdaýy jikme-jik beýan etdi we türkmen blogçylarynyň işi bilen baglanyşykly resminamalary suda hödürledi diýip...