Balkanda häkimiýetleriň geçirýän täze barlaglary maýyplary aladalandyrýar
Balkan welaýatynyň häkimiýetleri sebitde hasaba alnan mümkinçiligi çäkli maýyp raýatlary täzeden barlagdan geçirip başladylar. Resmiler barlaglaryň sebäplerini aç-açan düşündirmeýän mahaly, maýyplygy bolan raýatlar bu çäreler zerarly “kömek pullaryny” ýitirmekden aladalanýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirligine degişli 1-nji Saglyk öýünde ýörite topar döredildi. Bu topar Ikinji we Üçünji topar maýyplygy...