Palestinadaky wakalar türkmenistanlylaryň arasynda köp gürrüň edilýän temalaryň birine öwrülýär
Türkmenistanda Palestinada bolýan wakalaryň soňky hepdelerde ilat arasynda iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan temalaryň birine öwrülendigini synlasa bolýar. Köp raýat Palestinadaky çagalaryň açlykdan ejir çekýändigine ünsi çekip, Türkmenistanda olara kömek ugratmak üçin “ygtybarly guramalaryň” ýokdugyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 6-njy oktýabrda paýtagt Aşgabatdan we Lebap welaýatyndan maglumat berdiler.
“Internetde Palestinadaky çagalaryň uruşdan, açlykdan ejir çekýändigi...