Maryda benzin gytçylygy ýene-de güýçlendi
Mary welaýatynda benzin ýetmezçiligi ýüze çykdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, welaýatyň dürli böleklerinde ýerleşýän ýangyç beketleriniň ençemesinde iki hepde bäri benzin ýetmezçilik edýär, dizel ýangyjy hem seýrek bolýar.
Maryly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, benzin ýetmezçilgi welaýatyň ähli ýerlerinde duýulýär. Gytçylyk 18-nji sentýabrdan bäri dowam edýär.
“Türkmengala etrabynyň ähli ýangyç beketlerinde hat-da dizel ýangyjy hem ýok” diýip, türkmengalaly ýaşaýjy gürrüň berdi.