Özbegistanda pagta ýygymy sebäpli adatdan daşary ýagdaý girizildi
Özbegiýanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin 10 günlük adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizdi. Bu karar 26-njy sentýabrda oba hojalyk meseleleri barada geçirilen ýygnakdan soň mälim boldy.
Prezidentiň metbugat gullugynyň habaryna görä, 2025-nji ýylda 875,000 gektar ýere gowaça ekilip, 3,7 million tonna pagta hasylyny almak üçin şertnama baglaşyldy.
Pagta hasylyny ýygnamaga 900-den gowrak oba hojalyk tehnikasy gatnaşýar, daýhanlara arzan bahadan dökün we ýangyç berildi.