Aladaly eýranlylar BMG-niň gaýtadan dikeldilen sanksiýalarynyň netijelerine garaşýarlar
BMG-niň Eýrana garşy girizen we 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasy esasynda ýatyrylan sanksiýalary, Tähranyň bu ädimiň öňüni almak üçin edýän tagallalaryna garamazdan, hepdäniň ahyrynda gaýtadan güýje girizildi.
Eýranyň resmileri sanksiýalaryň gaýtadan güýje girizilmegini “bikanun” diýip atlandyrýarlar we halkyň muňa çydam etjekdigini öňe sürýärler, ýöne syýasy ugurlarda ýurduň mundan beýläk näme etmelidigi barada jedeller gyzyşýar.
Konserwatiwler boýun egmezligi dowam etdirýärler. Tähran häkimligi...