Balkanda býujetçilerden goşar sagatlary, döşe dakylýan nyşanlary we ýerli egin-eşikleri satyn almak talap edilýär
Balkan welaýatynda tas ähli edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýüzünde prezident Serdar Berdimuhamedowyň suraty bolan goşar sagatlary, döşe dakylýan baýdak ýa-da prezidentiň kelle suraty şekilindäki nyşanlary we Türkmenistanda öndürilen kostýum-jalbarlary satyn almak talap edilýär.
Umumy bahasy 10 müň manada golaýlaýan bu önümleri satyn almadyklara işden kowuljakdygy barada haýbat atylýar. Býujet işgärleriniň ençemesi bu harytlary satyn almak üçin tanyş-bilişlerinden pul karz almaly bolandyklaryny aýdýar.