Ysraýylyň premýeri Gaza ýaşaýjylarynyň şäheri terk etmegine çagyrdy
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Gazanyň ýaşaýjylaryny Ysraýylyň esasy hüjüminden öň şäheri terk etmäge çagyrdy. Ol bu çagyryşy Goranmak ministrliginiň baş edarasynyň wideo habarynda etdi. “The Times of Israel” onuň aýdan sözlerini sitirledi.
Onuň sözlerine görä, soňky iki günde Ysraýylyň howa güýçleri 50 sany beýik binany - "terror diňlerini" ýykdy. Ol "terrorçylyk öýjükleriniň" hemmesiniň ýok ediljekdigini aýtdy.
"Bularyň ählisi häzirki wagtda Gaza şäherinde gurnalýan we toplanýan...