Aşgabatlylar üçin Hytaýdan ýüzlerçe awtobus satyn alyndy
Aşgabatly ýolagçylar Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda bir hoş habar aldylar; paýtagta Hytaýyň “Yutong” kysymly awtobuslarynyň 700 sanysy getirildi, uzynlygy 12 metre barabar bolan döwrebap ulaglar ýakyn günlerde şäher ýaşaýjylaryna hyzmat edip başlar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Täze awtoulaglaryň hereketlendirijileri “Ýewro-5” ekologiýa ülňülerine laýyk gelýär, ýolagçylar ýol töleglerini sanly ulgam arkaly tölär.
Awtobuslar sürüjiniň işini we ulagyň hereketini gözegçilikde saklaýan intellektual dolandyryş wideogözegçilik ulgamy...