Ýol howpsuzlygynyň biraýlygy käbir sürüjileri ulag sürmekden saklaýar
Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýän mahaly, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň köçelerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň sany göz-görtele artdy.
Munuň bilen bir wagtda, olaryň sürüjilere jerime ýazmagy ýa-da olardan “para almagy” bilen bagly wakalar hem köpeldi. Bu ýagdaýlar käbir sürüjileriň biraýlygyň dowamynda ulag sürmekden saklanmagyna getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.