Türkmen küştçüsi Türkiýede geçirilen ýaryşda kümüş medal gazandy
Türkiýäniň Kappadokiý şäherinde geçirilen halkara küşt ýaryşynda 39 ýaşly türkmen küştçüsi, halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew kümüş medala eýe boldy.
TDH-nyň ýazmagyna görä, bäsleşik Şweýsariýa ulgamy boýunça 9 tapgyrda geçirilip, oňa 10 ýurduň 78 küştçüsi gatnaşdy.
Meýlis Annaberdiýew 6,5 utuk toplap, ikinji orny eýeledi, birinji orna Eýranyň halkara ussady Seýed Kian Purmosaw mynasyp boldy. Üçünji orny bolsa, Peru döwletinden gelen halkara ussady Diego Rodri Flores Killýas aldy.
Şeýle-de...